Çilide «Taca-taca», Argentinada «Metegol» diýlip tanalýan meşhur güýmenjeleriň biri hem stol futbolydyr. Halkara futbol assosiasiýasyna esaslanýan bu oýnuň maksady ýaşlaryň futbola bolan söýgüsini artdyrmak hem-de wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün etmekdir.
1890-njy ýyllarda Ispaniýada hem-de Ýewropanyň käbir sebitlerinde stol futboly üçin ilkinji gezek patentler berlip başlanýar. Şeýle-de bolsa, stoluň üstünde oýnalýan futboluň gözbaşy 1921-nji ýyldan, ýagny angliýaly Harold Searles Torntonyň «Stol futbolyny oýnamak üçin enjam» atly patenti almagy bilen başlanýar. Bu enjamyň oýlanyp tapylmagy futbol janköýerlerine öýünden çykman, stoluň üstünde söýgüli oýnuny oýnamagyna mümkinçilik berýär.