Göz adamyň beden agzalarynyň biri bolup, daş-töweregi saýgarmak arkaly kabul edişi üpjün edýär. Adamlaryň köpüsi ylmy we dünýäni görüş arkaly öwrenýär. Soňky ýyllarda tehnologik enjamlaryň adamzat jemgyýetine giňden ornaşmagy bilen oturylyp işlenilýän durmuş ýörelgesine uýgunlaşyldy. Bu, ilkinji nobatda, fiziki hereketsizlige getirip, galyberse-de göz bilen bagly meseleleri ýüze çykarýar. Ýagny kompýuteriň öňünde birnäçe sagatlap oturmak göz üçin zyýanly bolup, görüş ulgamynyň peselmegine getirýär. Bilermenler gözüň saglygyny goramagyň birnäçe usulyny salgy berýärler. Olar şulardan ybarat:
Sagdyn iýmitlenmek. Iýmit sanawynda miwedir gök önümleriň, esasan hem, käşiriň bolmagy görüş üçin juda ähmiýetlidir. Mundan başga-da, A, E, C witaminini, sink, omega-3 ýag kislotasyny özünde saklaýan (ýagly balyk) önümleri iýmek maslahat berilýär.