Iň go­wy sport myh­man­ha­na­sy

1 Dekabr 2022
38

Is­pa­ni­ýa­nyň Mursiýa şäherindäki iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «La Man­ga Club» myh­man­ha­na­sy Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­le­şip, 560 gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýär. Bu ýer sport bi­len meş­gul­lan­mak hem-de dynç al­mak üçin tä­miz ho­wa­ly ýer­le­riň bi­ri bo­lup, myh­man­ha­na­nyň daş-tö­we­re­gi­ni ar­ça to­kaý­la­ry we li­mon agaç­la­ry be­ze­ýär. Sport myh­man­ha­na­sy­nyň dü­zü­min­de 18 çu­kur­ly 3 golf meý­dan­ça­sy, 28 ten­nis kor­ty, 2 kri­ket meý­dan­ça­sy, ýa­pyk ho­wuz­ly fit­nes za­ly, 8 fut­bol meý­dan­ça­sy bar. Dynç al­ma­ga gel­ýän­ler, esa­san, ten­nis­dir golf oý­nap, fit­nes sa­pak­la­ry­na gat­nap ýa-da ho­wuz­da ýü­züp wag­ty­ny ge­çir­ýär­ler. Myh­man­ha­na­da tej­ri­be­li sport tälimçileri bi­len bi­le­lik­de iş­le­ýän Ten­nis aka­de­mi­ýa­sy we Golf aka­de­mi­ýa­sy bar. Şol se­bäp­li «La Man­ga Club» oý­nuň düz­gün­le­ri­ni öw­ren­mek we kä­mil­leş­dir­mek üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir. Myh­man­ha­na­da ýig­ri­mi­den gow­rak res­to­ran bo­lup, is­pan, ame­ri­kan, ital­ýan, mek­si­kan, gün­do­gar ta­gam­la­ry­ny da­dyp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik bar. Gü­ni we deň­zi söý­ýän­ler Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Kos­ta Ka­li­da­da dynç alyp, sportuň suw­da ge­çi­ril­ýän gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp bil­ýär­ler. Şeý­le hem suw ulag­la­ry­ny ha­la­ýan­lar üçin ga­ýyk­ly we ýah­ta­ly ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar. Ke­nar­da­ky ki­çi­räk ga­ýa­nyň üs­tün­de ýer­leş­ýän «La Cala» res­to­ra­ny dynç al­ýan­la­ra ba­lyk­dyr de­ňiz jan­dar­la­ryn­dan taý­ýar­la­nan ta­gam­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni hö­dür­le­ýär. Bu ýer­de ça­ga­lar üçin ýö­ri­te ta­gam­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Şeý­le-de, kör­pe­je dynç al­ýan­la­ra ni­ýet­le­nen güý­men­je meý­dan­ça­la­ry hem bar.

Beýleki habarlar