Iň köp sarp edilýän bakja ekini bolan pomidorlar senagatda hem ulanylýar. Mundan ozal bu bakja ekininiň topraga düşende çüýreýän gaplary öndürmekde peýdalanylyp bilinjekdigi anyklanypdy. Indi bolsa bu bakja ekininden alnan reňk serişdesiniň Gün panelleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigi ýüze çykaryldy. Pomidor pigmenti bolan «likopen perowskit»-iň panelleriň çydamlylygyny hem-de netijeliligini artdyrýandygy anyklandy. Adatça Gün paneliniň energiýa önümçiligine ýerleşýän ýeri, howa şertleri we beýleki tebigy hadysalar täsir edýär. Soňky ýyllarda bu panelleriň önjeýliligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalar durmuşa geçirildi. Hytaýly bilermenler bolsa poslamagyň öňüni alýan häsiýeti bolan likopenden peýdalanypdyrlar. Tebigy antioksidant bolan bu pigment panel önümçiliginde peýdalanylanda Günden gelýän ultramelewşe şöhleleriň zyýanly täsirinden goraýar. Geçirilen synaglarda likopeniň elektrik akymyny gowulandyrandygy, şeýlelikde, onuň netijeliligini artdyrandygy anyklandy.
Bägül KAKADURDYÝEWA,