Soňky ýyllarda dürli maksatlar bilen ulanylýan ululy-kiçili uçýan enjamlaryň sany barha artýar. Şeýle bolansoň, kompaniýalar bu enjamlary has köp öndürýär. Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň Ulagdan jogapkär agzasy Adina Walean geljekde harytlaryň dronlar arkaly daşalmagynyň has-da artjakdygyny we ýolagçy gatnawynda hem peýdalanyljakdygyny belledi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardaky dron hyzmatlary bazarynyň 2030-njy ýyla çenli 14,5 milliard ýewro ýetmegine garaşylýar. Bu barada Dron strategiýasy metbugat ýygnagynda mälim edildi.
Walean Ýewropada adamsyz howa gämi bazaryny has-da ösdürmegi maksat edinýändiklerini belledi. Onuň sözlerine görä, dronlar daglyk ýerde gözleg halas ediş işlerinde hem netijeli ulanylýar. Maglumatlara görä, dronly hyzmatlar sebitde 145 müň täze iş ornuny döreder.