ABŞ-nyň beýik binalary bilen tanalýan Nýu-Ýork şäherinde ýene bir beýik bina peýda boldy. Dünýäniň iň inçe gökdiräni adyna eýe bolan «Steinway Tower» atly bina Manhetten etrabyndaky «Central Park» seýilgähiniň golaýynda ýerleşýär. Binanyň ýokarsyndaky çürelip gidýän polat bölegi 91 metre ýetýär. Umumy uzynlygy 435 metre ýetýän bina «One World Trade Center» we «Central Park Tower»-den soňra Günbatar ýarym şardaky üçünji beýik bina boldy.
Binanyň dizaýnyny döreden «ShoP» kompaniýasy bu binanyň in-boý ölçeginiň 24x1-digini belleýär. Binadaky öýleriň bahasy 7,75-66 million dollar aralygynda üýtgeýär. Binanyň gurluşygy üçin 2 milliard dollar sarp edilendigi bellenilýär. Gurluşygyna 2013-nji ýylda başlanan 84 gatly binanyň ilkinji ýaşaýjylary Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda göçüp bararlar.