Sü­rü­ji­siz ulag bi­len ýük da­şal­dy

1 Dekabr 2022
37

Şwe­si­ýa­nyň ýük ulag­la­ry­ny ön­dür­ýän «Scania» kom­pa­ni­ýa­sy Ýew­ro­pa­da il­kin­ji ge­zek sü­rü­ji­siz ulag bi­len ýük gat­na­wy­ny ama­la aşyr­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň aw­to­nom çöz­güt­ler bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy Pe­ter Haf­mar ýük ula­gy­nyň ha­ryt­la­ry A no­ka­dyn­dan B no­ka­dy­na do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak ama­la aşy­ran­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýük ulagy ýur­duň gü­nor­ta­syn­da­ky Sýo­der­tel­ýe we Ýonç­ýo­ping şä­her­le­ri­niň ara­ly­gyn­da­ky 300 ki­lo­metr­lik ýo­ly geç­di. Sü­rü­ji­siz ýük ula­gy­nyň ýo­kar­syn­da ka­me­ra­lar we gap­da­lyn­da ki­çi­jik sen­sor­lar, ka­bi­na­nyň için­de sü­rü­ji üçin ni­ýet­le­nen äh­li en­jam­lar bar. Öň ta­rap­da goş­ma­ça ýer­leş­di­ri­len baş­ga en­jam­lar we ek­ran­lar bar. Ula­gyň nä­hi­li iş­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­mek üçin in­že­ner Go­ran Fýal­lid ýo­lag­çy­nyň otur­gy­jy­na otu­ryp, ka­me­ra­lar­dan gel­ýän şe­kil­le­ri we beý­le­ki mag­lu­mat­lary ýan­komp­ýu­te­r­de barla­ýar. Ýük ula­gy dür­li sen­sor­lar­dan gel­ýän mag­lu­mat­la­ry GPS ul­ga­my bi­len bir­leş­di­rip, howp­suz ýag­daý­da ýo­lu­na do­wam edip bil­ýär.

Jen­net HAL­LY­ÝE­WA,

Beýleki habarlar