Ýurdumyz dürli görnüşli dermanlyk ösümlikleriň mekany hasaplanýar. Miweli, saýaly, pürli agaçlaryň ýüzlerçe görnüşi ata Watanymyzyň gözel tebigatyna aýratyn bir gözellik goşmak bilen, azyk bolçulygynyň döredilmeginde hem aýratyn orny eýeleýär.
Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň içinde igde çagalaryň iň söýgüli iýmiti hasaplanýar. Guraklyga çydamly igde agajy islendik toprakda hem ösüp ýetişmäge ukyplydyr. Watany Aziýa hasaplanýan igde agajynyň boýy 7 metre çenli ýetýär. Böwrek kesellerinde igde iýmek peýdaly hasaplanýar. Güýz paslynyň iň soňky we iň halanýan ir-iýmişleriniň biri bolan igde maý-iýun aýlarynda gülleýär. Onuň gülleri açyk sary reňkde bolup, miwesi sentýabr aýynda bişip başlaýar. Bu ösümlik diňe miwesiniň örän süýji tagamy bilen tapawutlanman, eýsem, onuň köp peýdaly taraplary hem bar. Ol dürli keselleriň öňüni almakda peýdalanylýar. Gahryman