Hazaryň türkmen böleginde dynç alşy we syýahatçylygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Tebigatyň bu gözel künjeginde mylaýym howa şertleri, minerally, palçyk çeşmeleri we uzalyp gidýän altyn öwüşginli-çägesöw deňiz kenarlary, täsin deňiz peýzažlary, biologik köpdürlüligi bilen tapawutlanýan suw-batgalyk ýerler bar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen bu künjege daşary ýurtly myhmanlaryň gyzyklanmasy has-da artdy. Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň müňlerçesini kabul etmäge mümkinçiligi bolan myhmanhanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda çagalar üçin dynç alyş merkezleri hem-de kottejler toplumlary hereket edýär.