Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: gadyrly gatnaşyklary berkitmegiň täze gözýetimleri

1 Dekabr 2022
189

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary bolsa türkmen-emirlikler gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagyň, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleridir ugurlaryny anyklaşdyrmagyň ýolunda täze sahypany açdy.

Abu-Dabi duşuşygy: mümkinçilikler – ösüşiň bähbidine