Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar

1 Dekabr 2022
75

Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň döredilmeginiň diňe bir medeni mirasy gorap saklamak, ony ýaş nesillere geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň başlangyjy bolman, eýsem, zenanlaryň telekeçiliginiň ösdürilmegine-de itergi berjekdigi nygtaldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň sanly ulgam arkaly çykyş eden wekilleri sebitiň zenanlarynyň arasynda tejribe alyşmak, el işi sungatyny we senetçiligi ösdürmek işinde bu jemgyýetiň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler.

* * *

Beýleki habarlar