Ýakynda Lebap welaýat atçylyk sport toplumynyň binasynda Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy ― berkararlyk waspnamasy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.
Täsirli geçen duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bolup geçen şanly wakalar, ähli pudaklarda ýetilen sepgitler buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin irginsiz alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşlar aýdyldy.