Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.