Suwy arassalaýjy toplum

1 Dekabr 2022
160

Düýn Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginiň çäginde lagym suwuny arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna barýan günlerimize gabatlanan täze desganyň açylyş dabarasy aýdym-saza beslendi.

Toý bagy kesilenden soň, dabara gatnaşyjylar dili senaly ýaşulularyň baş bolmagynda lagym suwuny ýokary talaplara laýyklykda arassalamak üçin göz öňünde tutulan şertler bilen tanyşdylar. Bir gije-gündizde lagym suwunyň 20 müň kub metrini arassalamaga mümkinçiligi bolan desga 4,2 gektarda ýerleşip, özboluşly toplumy emele getirýär. Onuň çäginde gurlan edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalaryny, hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalaryň gurluşygynda ýokary talaplar göz öňünde tutulypdyr. Ol ýerde howalandyryş, palçygy goýaltma, suwy durlatma howuzlary, şeýle-de palçygy guratma meýdançasy gurlupdyr.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.