Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze, döwrebap ýollar gurlup, ozal bar bolanlary abadanlaşdyrylýar. Bu bolsa pyýada ýolagçylaryň hem-de ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşyklylygy üçin amatly şertleri döredýär.
Döwrebap ýol belgileri we beýleki degişli enjamlar bilen üpjün edilen köçelerdir ýollarymyzda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygyny gazanmakda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň öňünde gözegçiligi berk amala aşyrmak wezipesi goýuldy. Muňa biz — polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri oňat düşünýäris hem-de bu ugurda sürüjilerdir pyýadalaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarys.