Türkmenistanly türgenler taýboks boýunça Türkiýede geçirilen «Antalýanyň kubogy — 2022» halkara ýaryşynda medallaryň bäşisine mynasyp boldular. Ýaryş Taýboks boýunça halkara federasiýanyň (IFMA) guramagynda 23 — 27-nji noýabr aralygynda geçirildi.
Türkmen taýboksçulary iri ýaryşda bir altyn we bir bürünç medala hem-de kümüş medallaryň üçüsini eýelediler. Dünýäniň 32 döwletinden 756 türgeni özünde jemlän halkara ýaryşa milli ýygyndy toparymyz 9 türgen bilen gatnaşdy.