ÖSÜŞIŇ NURANA ÝOLY BILEN
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwletimiziň halkara giňişlikde abraýy barha dabaralanýar. Biziň ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem döwletara gatnaşyklarda dostlukly hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär. Bu günki gün sebitiň, dünýäniň ýurtlary ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ata Watanymyza dürli ugurlar boýunça uly gyzyklanmalaryny bildirýärler. Dünýäniň ýurtlarynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň bähbidine netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşini berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy ýörelgeleri hem-de parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek we ýokary derejelere çykarmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren beýik başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň parahatçylygy döredijiligiň we dostlugyň merkezine öwrülendigini buýsançly aýtmak bolýar.