Röwşen geljege tarap

30 Noýabr 2022
89

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özüne çekiji we ynamdar hyzmatdaşa, uzak möhletli maýa goýumlary goýmak üçin amatly we geljegi uly bolan ýurda öwrülmegine, esasan, üç şert — syýasy durnuklylyk, durmuş goraglylygy, kanuny kepillik mümkinçilik berýär. Bu görkezijiler ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmekde aýgytlaýjy şertler bolup hyzmat edýär.

Häzir ýurdumyzda gurulýan desgalaryň umumy bahasy ykdysadyýetimiziň kuwwatyny görkezýär. Bu desgalar, esasan, önümçilik we durmuş-medeni maksatlydyr. Aslynda, Türkmenistan, sözüň doly manysynda, durmuş ulgamy yzygiderli ösýän ýurtdur. Sebäbi her ýyl Döwlet býujetiniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna gönükdirilýär.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Ruhubelent etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar