Şadyýan çagalaryň bagtly geljegi ugrunda

30 Noýabr 2022
98

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi babatynda uly tagallalary edýär. Häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak döwrüň esasy talaby bolup durýar. Şoňa laýyklykda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bar bolanlarynyň durky täzelenip, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýaşlarymyz döwrebap mekdeplerde bilim, terbiýe alýarlar. Mugallymlar olara iň kämil iş usullaryndan peýdalanyp, netijeli bilim bermäge çalyşýarlar. Şunda sapaklaryň multimedia serişdeleri bilen guralmagy okuwçylaryň alýan bilimlerini kämilleşdirmeklerinde, sapaga bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Döwrebap görnüşde guralýan her bir okuw sapagy okuwçylaryň okamagyna, öwrenmegine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna, giň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Arkadagly Serdarymyz: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alyp, biz — bilim işgärleri şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegini üpjün etmäge gönükdirilen beýik işlere mynasyp goşant goşmak üçin yhlasly zähmetimizi gaýgyrmaýarys.

Ogulbibi GARAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar