Hepdäniň habarlary

30 Noýabr 2022
86

UKYPLY ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan baş alyp çykýan, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, mekdep okuwçylary ýokary derejeli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar. Ony Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Arslan Durdyýewiň we Agamät Hajymyradowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýaşlaryň arasynda geçirilen maglumat-telekommunikasiýa ulgamynda innowasion taslamalaryň «Sanly çözgüt — 2022» atly bäsleşigine «Oba hojalyk» we «Robototehnika» ugurlary boýunça gatnaşyp, 3-nji orunlara mynasyp bolandyklary hem tassyklaýar.

Beýleki habarlar