Irginsiz zähmetiň datly miwesi

30 Noýabr 2022
113

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň sport abraýy hem belent sepgitlere göterilýär. Buýsanç bilen belläp geçmeli zadymyz, bu günki günde sport her bir raýatyň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda ata Watanymyzyň halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendiginden we daşary ýurt döwletlerde geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyza ýeňiş bilen dolanýan türkmen ýaşlarynyň sanynyň barha artýandygyndan hem göz ýetirmek bolýar. Şonuň ýaly-da, ýaş nesillerimize sport bilen meşgullanmakda, bu ugurda üstünlik gazanyp, belent derejelere ýetmekde görelde bolýan halypa tälimçileriň çekýän zähmetleri hakynda gürrüň etmek örän ýakymly.

Sport ulgamynda ençeme ýaş tälimçilere halypalyk eden tejribeli sport hünärmenleriň biri hem welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň baş hünärmeni Rejep Dowulowdyr. Ömrüni, zähmet ýoluny sporta baglan Rejep aga 1964-nji ýylyň 12-nji aprelinde Köneürgenç etrabynyň Akderýa geňeşliginde dünýä inýär. Ol çagalykdan stoluň üstünde oýnalýan tennis bilen meşgullanyp başlaýar. Mekdepde okaýan döwründe sportuň woleýbol, sambo ýaly görnüşleri bilen hem türgenleşýär. Orta mekdebi tamamlan Rejep Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň sport mekdebinde tälimçi bolup, ilkinji zähmet ýoluna başlaýar. Ol işiniň daşyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň gaýybana bölüminde bilim alyp, hünär taýdan kämilleşýär. Soňra ol şol sport mekdebiniň usulyýetçisi, direktory wezipelerinde zähmet çekýär. Köp ýyllyk halal zähmeti we tejribesi göz öňünde tutulyp, Rejep aga 2007-nji ýylda welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilýär we bu kärde 2017-nji ýyla çenli zähmet çekýär. 2017-nji ýyldan welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginde baş hünärmen, häzirki günde Boldumsaz etrap çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Otuz bäş ýyl sport ulgamynda dürli wezipelerde göreldeli zähmet çeken Rejep Dowulowyň şägirtleri häzirki wagtda ýurdumyzyň, welaýatymyzyň dürli künjeklerinde sport ulgamynda görelde görkezýärler. Diňe bir öz taýýarlan, bile işleşen işgärleri däl, welaýatymyzyň sport ulgamyndaky ýaş türgenleriň ählisi Rejep agany öz halypalary hasaplaýarlar. Öz gezeginde Rejep aga hem ýaş tälimçilere, türgenlere, sport ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenlere sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik okuwlaryň usulyýeti, ýaş türgenler bilen işlemegiň kadalary, bedenterbiýe hereketleriniň we sport bilen meşgullanmagyň adam saglygyna edýän täsirleri baradaky maslahatlaryny gaýgyrmaýar. Halkymyzda «Işleseň il tanar» diýen ajaýyp pähim bar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda çeken halal zähmeti, gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp Rejep Dowulow 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna — «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda halal zähmet çekip, üstünlik gazanýan, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan adamlaryň sarpalanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Soltanbibi SARYBAÝEWA,
Görogly etrabyndaky 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.
Beýleki habarlar