Şygryýet äleminiň öçmejek nury

30 Noýabr 2022
72

Magtymguly etrap merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de «Watan», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaksiýalarynyň guramaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Şygryýet äleminiň öçmejek nury» atly maslahat geçirildi.

«Şygryýet äleminde öçmejek yz goýan we dürdäne şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren şahyryň eserleri asyrlar geçse-de, öz ähmiýetini ýitirenok. Bu gün olar dünýä halklarynyň dillerinde söýlüp okalýar. Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, köňüllerde ýer eden şygyrlar merdana halkymyzyň ýüreginde aýdym bolup ýaňlanýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan şol ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýäde ykrar edilen söz ussadyna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr» diýip, maslahatda çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumlar barada gürrüň etdiler hem-de «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň başynyň dik, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Muhammetmyrat Öwezow,
«Balkan».