Gülki paýlan sahnalar

30 Noýabr 2022
68

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik toparynyň welaýatymyzda birnäçe günläp myhmançylykda bolup, “Geliň, gülşeliň!” atly aýdym-sazly, şüweleňli sahnalary tomaşaçylara hödürlemegi sungat muşdaklarynda ýakymly täsirleri galdyrdy. Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatryna köp sanly tomaşaçylary ýygnan döredijilik toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hanmämmedow bilen bolan özara söhbetdeşligimiz döredijilik saparynyň maksady baradaky gürrüňden başlandy. Sahna ussadynyň gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň welaýatymyzda bolmagynyň esasy maksady teatr sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerini, şeýle-de halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň oňyn netijelerini halk köpçüligine ýetirmekden, bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat bolup durýar.

— Döredijilik toparymyzyň Balkanabat, Türkmenbaşy we Bereket şäherlerinde görkezen aýdym-sazly, degişme sahnalarynyň tomaşaçylarynyň ýeterlik bolmagy azabymyzyň ýerine düşendigini görkezen bolsa gerek. Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Çommyýewanyň, ýaş artistler Begli Orazmuhammedowyň, Akmyrat Annamyradowyň, Jennet Horasanlyýewanyň durmuşda duş gelýän gülküli pursatlary beýan edýän çykyşlary dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Munuň özi biziň toparymyzy indiki şowhunly sahnalary döretmäge borçly edýär. Teatr sungatynyň gülläp ösmegi, halypa-şägirtlik ýolunyň üstünlikli dowam etdirilmegi babatda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir — diýip, D.Hanmämmedow söhbetdeş bolanymyzda nygtady.

Nurmämmet Hydyrow. Surata düşüren Andreý Pakulow,
«Balkan».