Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler zalynda toplumyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda çäre geçirildi. Onda çykyş edenler «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly buýsançly söhbet etdiler.
«Bu Kanunyň kabul edilmegi ýaşlaryň hukugyny berkitmek hem-de kepillendirmek üçin edilýän aladalaryň uludygynyň subutnamasy boldy. Ol ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, bedew batly ösüşlerimize mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky maksatlardan ugur alýar» diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ýaşlara uly ynam bildirýän, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.