Futbol täzelikleri

30 Noýabr 2022
53

Ýurdumyzyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň jogap oýunlary geçirildi. Birinji duşuşykda paýtagtymyzyň «Aşgabadyny» uly hasapda ýeňen Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» jogap oýnunda hem özüni kanagatlandyrýan netijäni gazanmagy başardy. Ýogsam 46-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Merdan Muhadowyň, 64-nji minutda Pirmyrat Sultanowyň geçiren gollaryndan soň aşgabatly futbolçylar iki oýnuň jemi boýunça hasaby deňlemäge örän ýakynlaşdylar. Emma 68-nji minutda Roman Galkin, 79-njy minutda Kerim Hojaberdiýew jogap pökgülerini geçirip, «Şagadamyň» finalda oýnamagyny üpjün etdiler.

Aşgabadyň «Altyn Asyry» bilen Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahalynyň» arasynda çekeleşikli ýagdaýda geçen birinji duşuşykda, bilşimiz ýaly, ahally futbolçylar üstün çykypdylar. Jogap oýnunda bolsa deňlik hasaba alyndy.

Aşyr Berdiýew.