Dumly-duşdan dürli-dümen

30 Noýabr 2022
37

Belentlikdäki howuz

Singapurdaky şypahana toplumy dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär. Üç binadan ybarat toplumyň umumy meýdany 12400 inedördül metr bolan üçegi birnäçe dynç alyş zolaklaryna bölünipdir. «Asmandaky seýilgäh» atly botanika bagy, restoran, howuz bu ýere gelýänleriň hyzmatynda. Botanika bagynda agaçlaryň 250-ä, beýleki ösümlikleriň 650-ä golaý görnüşi ösýär. 200 metr belentlikdäki howuz has-da täsindir. Binanyň üstüniň uzaboýuna gidýän, uzynlygy 146 metr bolan howza 1400 kub metr suw sygýar. Ondan suw ýene bir howza, ýagny suw ýygnaýjy desga gaýdyp, ol ýerden ýene howza barýar. Syn ediş meýdançasy daş-töweregiň gözelliklerini synlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde häzirki zaman ylmynyň we sungatynyň muzeýi hem ýerleşýär.

Beýleki habarlar