Asuda menziller

30 Noýabr 2022
47

Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary esasynda ösüşleriň belent derejelerine tarap bedew bady bilen öňe barýan mähriban Diýarymyzyň ýüregi Aşgabat häzirki wagtda kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbine eýe boldy. Aşgabat şäherinde toplumlaýyn esasda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýol-ulag düzümini kemala getirmek, şaýollardyr köçeleri abadanlaşdyrmak işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Gatnaw ýollarynyň töwereklerinde döredilýän pyýada ýolagçylara niýetlenen ýörite ýanýodalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler paýtagtymyzyň ýol hereketiniň sazlaşykly dowam etmegini üpjün edýär. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde ata Watanymyzyň baş şäherinde birnäçe şaýollaryň, köçeleriň durky düýpli täzelenip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän görnüşe getirildi. Ýollaryň iki gyrasynda ýerleşýän dürli öwüşginli güllere, baglara beslenip oturan ýaşyl zolaklar, kämil yşyklandyryş ulgamy bilen bir hatarda, köçeleriň kesişýän çatryklarynda ýörite gurlan bezeg binalary hem merjen şäherimiz Aşgabadyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Ýurdumyzyň asuda, nurana ýollarynyň abadançylygyny üpjün etmek, paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän, barha giňeýän çäginde täze döwrebap ýollary döretmek, abadanlaşdyrmak işleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem batly depginler bilen dowam edýär. Yzygiderli durmuşa geçirilýän ýokary netijeli işleriň, döwletli maksatlaryň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň parahat, abadan ýaşaýşy hakynda edýän taýsyz tagallalarynyň durandygy juda buýsançlydyr.

Ogulgerek PAŞYKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar