Ugur final tapgyryna tarap

30 Noýabr 2022
44

20-nji noýabrda badalga berlen futbol boýunça dünýä çempionaty garaşylan we garaşylmadyk duşuşyklar, täsin netijeler, rekordlar, antirekordlar we beýleki aýratynlyklary bilen dowam edýär. Taryhynda ilkinji gezek güýz bilen gyşyň sepgidinde geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry bolsa ertir — 2-nji dekabrda tamamlanar.

30-njy noýabr gününiň säherine çenli ýaryşdaky sekiz toparçanyň ikisinde duşuşyklar doly tamamlandy. Üç duşuşykda 7 utuk toplap bilen Niderlandlaryň hem-de diňe öňdebaryjydan ýeňlen Senegalyň (6 utuk) ýygyndylary «A» toparçada ýaryşyň 1/8 finalyna çykan wekiller boldy. Ekwadordyr Katar üçin bolsa dünýä çempionynyň duşuşyklary tamamlandy.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.