Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

30 Noýabr 2022
119

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Köpetdag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;