Ussat türgenler

30 Noýabr 2022
124

Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde borçnama boýunça harby gullugy geçýän bölümçe serkerdeleriniň we wzwod serkerdeleriniň orunbasarlarynyň arasynda şahsy düzümiň söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, tejribeli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige harby bölümlerden ezber türgenler gatnaşdylar. Dartgynly geçen bäsleşikde türgenler päsgelçilik meýdançasyndan geçmek, 100 metr, 400 metr gysga aralyga, bir, üç, bäş, on kilometr boýunça uzak aralyklara ylgamak, agramlyk daşlary götermek, kartada berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek, ýaragy tiz söküp-düzmek we turnikde göwräňi çekmek, nyşana ok atmak we pyçak zyňmak ýaly kyn hem-de çylşyrymly tärleri ezberlik bilen ýerine ýetirip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, gujur-gaýratlaryny görkezdiler. Ökdeler öňe saýlanyp, podpolkownik Batyr Şamyradowyň serkerdelik edýän harby bölüminden kapitan Atajan Husainowyň we maýor Atamyrat Çaryýewiň taýýarlan topary bäsleşigiň ähli şerti boýunça has-da göreldeli çykyş edip, ynamly ýeňiş gazanmagy başardy. Bäsleşikde baýrakly orun alan toparlara we ezberlik görkezen türgenlere Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dartgynly geçen bäsleşik merdana harby gullukçylaryň harby tärlere bolan ussatlyklaryny äşgär etdi.

Serdar SAPAROW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.