Ördek

30 Noýabr 2022
106

Ördek suwda köp gezýän guşdyr. Ony gamyşly köllerde, suw howdanlarynda, derýalaryň ýalpak ýerlerinde, deňizleriň kenarlarynda görmek bolýar.

Ol suwuň aşagynda hem suwuň ýakasynda bitýän ösümlikleri, leňňeji, tomzagy, teneçirdir çybyny, çirkeýi iýýär. Şeýle-de ördek ýasy çüňküni çalaja açyp, suwly laýy ilki sorýar, soňra ony agzynda süzüp iýmitlenýär.