Gyzylgaz

30 Noýabr 2022
98

Gyzylgaz örän owadan guş. Onuň aýaklary hem boýny uzyn bolýar. Daşky görnüşi bolsa gülgüne reňklidir. Seýrek gabat gelýän bu uly guşa şor suwly sähra köllerinde, Hazar deňziniň eteklerinde, Garabogaz aýlagynda, Çeleken töwereklerinde, gabat gelmek bolýar.

Olar ýalpak suwly ýerlerde süri-süri bolup, hatara düzülip, uzyn günläp iýmitlenýärler, gezim edýärler. Olary golaýdan synlasaň, edil gülälekli meýdany ýadyňa salýar. Oňat uçup, ýüzüp bilýän gyzylgaz köplenç suw otlarydyr suw jandarlaryny iýip oňýar. Olar uçanda toýnuk gurap uçýarlar. Bu guşlar suwuň ýalpak, gamyşly ýerlerinde, çöp-çalamlaryň üstünde gyrmançadan, ösümliklerden, mollýuskalaryň boşan daşky örtüklerinden uly höwürtge ýasanýarlar. Her sürüsinde üç ýüze ýakyn höwürtge bolýar. Şol höwürtgelerde gyzylgazlaryň mäkiýanlary bir ýa iki sany ýumurtgasyny basyp oturyp, maýdyr-iýun aýlarynda, 30-32 günüň dowamynda jüýje çykarýarlar. Jüýjeleriň ýasy we çowsuz ganatlarynyň reňki birbada garamtyl çalsow bolup, üstünden birki ýyl geçenden soň uly gazlaryňky ýaly, gülgüne öwsüp ugraýar.