Garagulak

30 Noýabr 2022
100

Ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Häzirki wagtda gözel Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamakda ýurdumyzda 9-sany döwlet tebigy we biosfera goraghanalary hereket edýär. Her goraghananyň hem özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Şol goraghanalaryň biri hem ýurdumyzyň günorta künjeginde ýerleşýän «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasydyr. Goraghana ýowuz hem-de ajaýyp sebitde ýerleşýär. Goraghananyň çäginde haýwanlaryň köp görnüşleri duş gelýär.

Bu ajaýyp künjekde dag goçlaryna, keýiklere , gulanlara, ondan daşary hem ýyrtyjy haýwanlara gabat gelmek bolýar. Goraghananyň çägindäki haýwanlaryň köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Ol haýwanlardan Alajabarsy, Syrtlany, Garagulagy görkezmek bolar.