Sport. Sport. Sport.

30 Noýabr 2022
55

ÝAŞ DZÝUDOÇYLAR ÝETIŞDIRILÝÄR

Giň mümkinçiliklere ýol açylan gözel Diýarymyzda ýaşlar sporty özüne hemra edinip, ýeňiş-üstünlik, abraý gazanýarlar. Şeýle türgenler Ýolöten etrap sport mekdebinde hem bar. Bu ýerde türgenlere sportuň 13 görnüşi boýunça tälim berilýär. Tilsimleriň köp hem kyn görnüşlerini türgenlere irginsiz öwredýän ussat tälimçileriň biri-de Söhbet Agageldiýewdir. Häzirki wagtda ussat tälimçi çagalaryň we ýetginjekleriň 24-sine dzýudonyň inçe tilsimlerini öwredýär. Tälimçiniň yhlasy bilen türgenler urgulara ussatlyk bilen erk edip, tälimçi bilen deň derejede türgenleşik işlerini geçýärler.