Ezberler öňe saýlandy

30 Noýabr 2022
109

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Babadaýhan etrabynyň Sport mekdebinde etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň çägindäki sportuň kiçi futbol, woleýbol, küşt, türkmen milli göreşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Ýaşlary sporta çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, sporta bolan höwesini artdyrmak hem-de güýçlüleri ýüze çykarmak maksady bilen guralan ýaryş örän çekeleşikli boldy. Bäsleşigiň emin-agzalarynyň gelen netijeleri boýunça ýeňiş gazananlara etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arzygül NEPESOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap geňeşiniň başlygy.