Täzelikler

30 Noýabr 2022
59

Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümleriniň öndürilişi barha artdyrylýar.

Bu ýerde şu ýylyň geçen döwründe gurluşyk önümleriniň 19 million 500 müň manatlykdan gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Has takygy, bu döwürde keramiki kerpijiň 3 million 100 müňüsi, gurluşyk üçin betonyň 13 müň kub metre golaýy, harytlyk betonyň 4 müň kub metrden gowragy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr.