Päk zähmetiň miwesi

30 Noýabr 2022
86

Ata-babalarymyz: «Işleseň, il tanar» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Hasyl toýunyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy daýhanlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň arasynda Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýna Jumadurdyýewa hem bar. On ýyl töweregi wagtdan bäri ykbalyny ene topraga baglap gelýän zenan tutanýerli işi, ýokary zähmet üstünlikleri bilen bütin ýurda tanaldy.

Ol mundan on ýyl ozal daýhan birleşigine agzalyga kabul edilip, ekerançylyk bilen meşgullanyp ugrapdyr. Ilkinji ýyl özüne berkidilen iki gektar meýdanda gowaça ekip, ondan bol hasyl aldy. Şondan bäri daýhan birleşigi bilen her ýyl baglaşýan şertnamasyna laýyklykda bugdaý ekip, bu dänelik ekinden hem ýokary hasyl alýar we şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip gelýär. Hojalygyň ýolbaşçylygy bilen gelnen ylalaşyga görä, ol her gektardan 28 sentnerden bugdaý ýygnamagy borçnama edindi. Iş ýüzünde onuň 50 sentnerden az hasyl alan ýyly ýok. Şu ýyl her gektar meýdanda 51 sentner guşgursak bugdaý ýetişdirdi. Geçen ýyl bolsa kabul ediş harmanhanasyna tabşyran dänesi 12 tonnadan geçdi. Başgaça aýdanymyzda, bir gektara düşýän hasyllylyk 60 sentnerden geçdi.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar