Döwrüň galkynan ýaşlary

30 Noýabr 2022
57

Bu gün türkmen ýaşlary berkarar Watanda, arzyly günleriň gujagynda bagtyýar ýaşaýarlar. Çünki halkymyzyň nurana ertirini, röwşen geljegini berkarar etjek ýaşlaryň durmuşyny has-da gözelleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Özleri üçin edilýän tagallalara türkmen ýaşlary hem mynasyp iş bilen jogap berýärler. Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenmeklerini, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri-de ýaşlaryň durmuşyna aýratyn ýalkym saçýar. Bu işler ylym öwrenmäge, hünär edinmäge, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaga höwesek ýaşlaryň sanyny görnetin artdyrýar. Biz bu guwandyryjy hakykaty «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünliklerinde hem görýäris. Ýaňy-ýakynda döwletimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynda işjeňligi bilen tapawutlanýan türkmen ýaşlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy. Bu gezekki baýrak eýeleriniň sanynyň geçen ýyllardakylardan köpdügi hem ýokarda aýdanlarymyzy tassyklaýar. Şol sanda biziň welaýatymyzyň ýaşlarynyň hem 6-sy bu bagtdan paýly boldular. Bu beýik ýeňiş olaryň geljekki üstünliklerine badalga bolar.

Bilşimiz ýaly, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmak döwrüň esasy talaby. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalynyň döredilmegi-de ýurdumyzda täze pikirli, zehinli ýaşlaryň sanyny ýene-de artdyrar. Bu täze elektron neşir türkmen ýaşlarynyň täze ylmy başlangyçlaryny, innowasion işläp taýýarlamalaryny dünýä ýaýmaga uly mümkinçilik açar. Ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýan şeýle beýik özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Babaguly ALYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.