Gyş gapyny kakanda

30 Noýabr 2022
433

Şu gün gyşyň ilkinji güni. Ýöne halk senenamasy boýunça bolsa 23-nji noýabrda garagyş döwri başlanyp, ol 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Bu paslyň gelmegi bilen daýhanlaryň işi paýawlaýar, maldarlar üçin bolsa jogapkärli möwsüm — dowarlary gyşlatmak möwsümi başlanýar.

Ýylyň ýyldan, paslyň pasyldan parhy bar. Ine, ýigrimi birinji asyryň ýigrimi ikinji ýylynyň altyn güýzi bereketli, hümmetli geldi. Daýhanlarymyzyň çeken zähmeti ýerine düşdi, dürli ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Atyzlardaky berekedi ýygnap almak işine köp güýçler jemlenildi. Şonuň netijesinde nygmat bolçulygy döredildi. Tebigat hem ýer eýelerini «goldady»: güýz paslynyň soňky aýlary örän ýyly we ygalsyz geldi. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň bol hasyly yrýasyz ýygnap almaga oňyn şertleri döretdi.

Mämmet GYLYJOW.