Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryşyň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş çekeleşikli we gyzykly duşuşyklara baý boldy. Şol duşuşyklaryň netijesinde 27-nji orta mekdebiň topary garşydaş toparlaryndan üstün çykyp, birinji orny eýeledi. Onda ikinji orna 23-nji, üçünji orna bolsa, 1-nji orta mekdebiň toparlary mynasyp boldy. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.