Biler bolsaňyz!

29 Noýabr 2022
137

Iň beýik agaç

Ýakynda Amazonkada biolog alymlaryň üç ýylyň dowamynda bäş gezek geçiren irginsiz ekspedisiýa gözlegleri şowly tamamlandy. Gür jeňňellik tokaýda iki hepde pyýada ýöräp, 20 kilometr ýol geçilenden soň, alymlar ahyry ýitiginiň – iň beýik agajyň üstünden bardylar.