Watanymyzyň buýsanjy hem bagty

29 Noýabr 2022
94

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölüminiň guramagynda «Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, ýaşlar Watanymyzyň buýsanjy, bagty» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä kümüş saçly eneler, halypa mugallymlar, şeýle-de orta mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň peýdasy, haýyrly işleriň sogaby, halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleri baradaky täsirli gürrüňler günüň möhüm meseleleri boldy. Kümüş saçly eneler edep-ekramly, maksadaokgunly, bir sözli, tutanýerli, asylly, watansöýüji ýaş nesilleriň kemala gelmegi ugrunda ýurdumyzda edilýän aladalar barada anyk mysallar arkaly gyzykly gürrüňler etdiler.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.