Lala Şöhradowa ― Türkmenistanyň çempiony

29 Noýabr 2022
80

Dänewli 16 ýaşly küştçi Lala Şöhradowa täze ýylyň bosagasynda rapid we blis boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar. Ol bu hukuga ýakynda Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatyndaky üstünliginden soň mynasyp boldy.

Rapid we blis küştüň çalt oýnalýan görnüşleridir. Bu görnüşler boýunça milli çempionat resmi ýagdaýda ilkinji gezek geçirildi we ol özüne ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň 77-sini ýygnady. Şolaryň 22-si zenan küştçülerdir.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.