Maşgala we döwür

28 Noýabr 2022
110

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris. Gahryman Arkadagymyz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýär. Ýaşlara milli bilim-terbiýe bermek, olaryň zamanabap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Milli ýol-ýörelgelerimize esaslanyp, bilim we terbiýe bermekde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.

Ösüp gelýän çaganyň dili hem, terbiýesi hem daş-töweregini gurşap alan köpçüligiň oňa görkezýän görüm-göreldesine baglydyr. Şol sebäpli, ozaly bilen, çaganyň öz dünýä inen maşgalasyndaky, daş-töweregindäki terbiýeçilik gurşawynyň sagdyn bolmagy üçin alada edilmegi, onuň aň ösüşine ýaramaz täsir etjek wakalaryň, hereketleriň gürrüňini etmekden saklanmak, çagada jemgyýete, adamlara bolan ynamy terbiýelemek möhümdir. Maşgala ynsanyň edebiniň, biliminiň, geljekki rahat durmuşynyň binýadydyr. Psiholog alymlar sapaklaryna ýetişmeýän dürli ýaşdaky okuwçylar bilen geçiren barlaglarynda olaryň ýetişikleriniň peselmegine maşgalada bolup geçýän dürli ýagdaýlaryň täsir edýändigini belleýärler. Maşgalada çaga nähili edep-terbiýe berilse, ol özüni durmuşda-da şeýle alyp barýar. Ak göwünli, başarjaň, zähmetsöýer, ruhubelent çagalar berk we agzybir maşgalada kemala gelýärler.

Ogulbahar POLADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.