Türkmenistanyň Prezidentiniň pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti

28 Noýabr 2022
119

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri, professor:

— Türkmenistan kuwwatly energetiki döwlet hökmünde bu ugurda dünýäde öňe sürülýän meseleleri we çagyryşlary çözmäge işjeň gatnaşýar. Häzirki döwürde bu ýerde pes uglerodly energetikany ösdürmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şu ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny» kabul etmegi şol ähmiýetli meseleleri çözmäge gönükdirilen. Şol Ýol kartasy esasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi döredildi. Bu merkeziň öňünde wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça synag taslamalaryny we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri goýuldy.