Täzelik

28 Noýabr 2022
63

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär. Şu günler ilatyň arasynda bu möhüm çäräniň maksadyny we ähmiýetini düşündirmek işleri dowam edýär.

Öň hem habar berşimiz ýaly, bu çäre 2022-nji ýylyň 17—27-nji dekabry aralygynda geçirilýär. Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmekligiň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de ýurduň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary toplamakdan ybaratdyr. Bu ýurduň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga, şeýle hem ýurduň ösüşi üçin maýa goýumlarynyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar