Bäherden etrabynyň sport mekdebinde tälimçi-mugallymlaryň we türgenleriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda bolan duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakda durlup geçildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri we halypa tälimçiler duşuşyga gatnaşyjy ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanyp, geljekde ussat türgenler bolup ýetişmek bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlaryny berdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen sportunyň ösüşine uly üns berýändigi üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.