Basketbol ýaryşynyň etrap tapgyrlary geçirildi

28 Noýabr 2022
85

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdlirilen 46-njy orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryşyň etrap tapgyry geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalaryrynyň hem-de bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy oglanlardan ybarat toparlar gatnaşdy.

Ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Şol duşuşyklaryň netijesinde etrapdaky 10-njy orta mekdebiň topary birinji, 27-nji orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.