Şeýle at bilen geçirilýän halkara festiwal we maslahat şu gün ak mermere beslenen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde öz işine başlady. Ýurdumyzyň ösüşleriniň özeninde milletimiziň medeniýete öwren buýsançlarynyň aýratyn ähmiýetli orny bardyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzda dünýä döwletleriniň medeniýet günleriniň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Dünýä döwletlerinde geçirilýän Türkmenistanyň medeniýet günleri hem parahatçylygyň ýoluny giňeldýär.