Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda« atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmen topragy milli aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetiren halypalaryň mekanydyr. Olaryň ussatlyk ýoly häzirki wagtda-da halypa-şägirtlik ýoly arkaly dowam etdirilýär. Milli aýdym-sazlar göwünleri, kalplary birleşdirýär, medeni gatnaşyklar halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Joşgunly aýdym-sazlar halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, milli aýratynlyklaryny çeper beýan edýär. Aýdym haýsy dilde ýerine ýetirilse-de, sungatyň güýji ýüreklerde dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyga söýgi döredýär.» diýlip bellenilýär.
***